Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze mer­ke­zi top­lum­la­ýyn şä­her­gur­lu­şy­gy­ň nus­ga­sy­dyr

20 Iýun 2022
354

Ahal we­la­ýa­ty, 18-nji iýun. Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şä­he­ri aba­dan­laş­dyr­maga gönükdirilen tas­la­ma­lar, bi­na­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.

Soň­ky ýyl­lar­da tu­tuş ýur­du­myz­da giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de şä­her­le­riň we oba­la­ryň keş­bi has-da öz­ger­di. Şun­da adam­la­ryň amat­ly ýa­şaý­şy­ny we göw­ne­jaý dynç al­şy­ny üp­jün ed­ýän şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän we “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­gar­dan ugur al­ýan sy­ýa­sa­tyň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar