Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ma­ry we­la­ýa­ty­na toý sa­pa­ry

18 Iýun 2022
912

Ma­ry, 17-nji iýun. Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ma­ry we­la­ýa­ty­na toý sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Sa­pa­ryň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy, se­na­gat dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, şeý­le hem Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li iş­ler bi­len ta­nyş­dy.

We­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ug­ru­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz bo­ýun­ça mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti, şol san­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­ny öz­gert­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly düýp­li çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň eke­ran­çy­la­ryň ne­ti­je­li zäh­me­ti, top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, pu­da­ga hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak üp­jün edil­ýär hem-de eke­ran­çy­la­ryň öz iş­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­la­ry ýo­kar­lan­ýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar