Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedowyň we Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler

16 Iýun 2022
1391

Täh­ran — Aş­ga­bat, 15-nji iýun. Şu gün Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­tyn­da bu ýur­da res­mi sa­par bi­len ge­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň goň­şy döw­le­tiň ýol­baş­çy dü­züm­le­ri bi­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. Ola­ryň gün ter­ti­bi­ne ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry, se­bi­ta­ra we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň mö­hüm me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýa­kyn goň­şy ýurt bi­len hyz­mat­daş­lyk di­ňe bir öza­ra bäh­bit­li esas­da däl, eý­sem, tu­tuş se­bit­de aba­dan­çy­ly­gyň, ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gin­e güýç­li iter­gi bo­lup, bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça top­la­nan tej­ri­be­le­ri, bar bo­lan se­riş­de hem-de yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri na­za­ra alyp, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge bo­lan çe­me­leş­me­le­ri kes­git­le­mek­de oňyn şert­le­ri üp­jün et­di.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar