Aşgabat, 14-nji iýun (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu gün örän möhüm ähmiýetli, ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seretmek üçin ýygnanyşylandygyny habar berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her gününi şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär.