Deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik

27 Maý 2022
95

23-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşler dost-doganlyk gatnaşyklary berk ýola goýlan Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy, şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

"Nesil".