Nepis sungatyň sarpasy

27 Maý 2022
124

Milli mirasymyz röwşen geljegimiziň eýeleri, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolan bagtyýar ýaş nesilleri halkymyzyň ruhuna, belent ahlak kadalaryna laýyklykda terbiýelemekde bahasyz gymmatlykdyr. Türkmen halylary hem şeýle mukaddeslik derejesine göterilen medeni gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biridir.

Milli gymmatlyklarymyzy beýik tutumlarymyzyň berk binýadyna öwren Gahryman Arkadagymyz türkmen halysyny halkymyzyň ajaýyp arzuwlarynyň, mähir-muhabbetiniň aýnasyna deňeýär. Haçan-da gürrüň türkmen zenanlarynyň sülük barmaklarynyň gudratyndan kemala gelen halylarymyz hakynda barýarka, ajaýyp döwrümiziň häsiýetli aýratynlygyna öwrülen bir hakykaty buýsanç bilen nygtasymyz gelýär. Umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy-medeni gymmatlyklarymyz döwürleriň hem-de nesilleriň ruhy arabaglanyşygyny üpjün edýär. Şeýle-de berkarar Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratynyň, at-abraýynyň täze belentliklere göterilmegine itergi berýär.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy.