Göllerinde taryh ýaşaýar

27 Maý 2022
97

Türkmen topragynyň gözel tebigatynyň keşbini özüne siňdiren türkmen halysy gaýtalanmajak sungat eseridir. Nepisligi, älemgoşar öwüşgini bilen çuňňur mana eýe bolan ajaýyp halylarymyz ene-mamalarymyzyň ýiti zehininden dörän inçe senetdir.

Türkmen halkynyň taryhy geçmişdäki ýaşaýyş-durmuşyny, ynançlaryny, däp-dessurlaryny öwrendigiňçe, ajaýyp halylaryň halkymyzyň durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyna göz ýetirýärsiň. Olarda halkymyzyň milli ýörelgeleri, gözellige bolan garaýyşlary, aň-düşünjesi, gylyk-häsiýetleri öz beýanyny tapýar. Halk arasynda haly hem haly dokamak bilen bagly ynançlar, paýhasly jümleler, nakyllar, matallardyr tapmaçalar, hüwdüler, ertekilerdir rowaýatlar saklanyp galypdyr. Nagyşlarda türkmeniň baý ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halysynyň şöhratly taryhyna, haly dokamagyň özboluşly usullaryna, haly önümleriniň dürli görnüşlerine, şeýle-de ussat halyçylarymyzyň ýiti ukyp-başarnyklaryna degişli gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

Bagtygül GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.