Şa serpaýyňyz gutly bolsun, uçurymlar!

27 Maý 2022
172

Ýene-de bir okuw ýyly tamamlanyp, belent maksatlary ýüregine düwen ýaşlaryň on müňlerçesi mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine sary gadam goýdular. Mermer paýtagtymyzda ýaşlygyň nurana baýramynyň şatlygy ençeme uçurymlar üçin goşa-goşadan geldi. Çünki olara hut şol gün hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Eýýäm mekdep ýyllaryndan başlap, ata Watanymyzyň abraýyna goşant goşup gelýän, halkara we döwlet derejesindäki ders hem-de taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edendikleri üçin Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmek isleýäris.

Taýýarlan Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».