Bir ömür az seniň bilen (Oýlanma)

27 Maý 2022
123

Datly eken lezzeti ajydan soň süýji iýseň. Gaý-tupandan aman galyp, Gün nuruna arka gerseň. Ýa bolmasa, gyşyň uzak gijesinden geçip, säher iňrigine guwanyp baksaň. Durmuşyň tüm günlerinden ýagta çyksaň...

Kim bilip dur, belki, ýene yzdan ýeter garaňky gün?! Ýöne häzir bagtyň nury ömre ylhamyn saçyp dur. Asla ýada ýol salmaýar hasrat, gaýgy, ünji-alada. Bir üýtgeşik mukam çalýar ýürek söýgi barada.

Aýsenem GURBANOWA.