Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

27 Maý 2022
1058

Daşoguz, 26-njy maý. Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça teklipler barada hasabat berdi. Bu strategik meýilnamanyň çäklerinde geljek ýyllarda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitiň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar