Türk­me­nis­ta­nyň orta mek­dep­le­rin­de «Soň­ky jaň» my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di

26 Maý 2022
1869

Aş­ga­bat, 25-nji maý. Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry üçin soň­ky jaň ka­kyl­dy. Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de be­lent mak­sat­la­ra ýet­mä­ge ruh­la­nan ýaş og­lan-gyz­la­ryň on müň­ler­çe­si­niň dur­mu­şyn­da­ky ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka — okuw ýy­ly­nyň ta­mam­lan­ma­gy­na ba­gyş­la­nan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Olar mek­dep ýyl­la­ryn­da äh­li ul­gam­lar­da öz­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­da öw­rü­len köp­ta­rap­la­ýyn bi­lim al­dy­lar.

Uçu­rym­la­ryň kö­pü­si eý­ýäm gel­jek­ki hü­nä­ri­ni saý­la­ma­gy ba­şar­dy­lar. Ýaş­la­ryň öňün­de tä­ze ýol­lar açyl­dy, ola­ra ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bol­şy ýa­ly, da­şa­ry ýurt­la­ryň bi­lim ojak­la­ryn­da hem bi­lim­le­ri­ni do­wam et­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Bu­la­ryň äh­li­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň esa­sy ýö­rel­ge­si “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­gar­da jem­len­ýän dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­si­dir. Şol ýö­rel­gä­niň esa­sy ugur­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň ös­me­gi­ne we ro­waç­lan­ma­gy­na go­şant goş­ma­ga ukyp­ly ne­sil­le­riň sag­dyn­ly­gy­ny, ter­bi­ýe­si­ni, bi­li­mi­ni hem-de ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ala­da­dan yba­rat­dyr.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar