Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow möhüm gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler hem-de täze taslamalar bilen tanyşdy

21 Maý 2022
135

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologik ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleri synlady.