Türk­me­nis­tan­da dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny ha­ty­ra­lan­dy

21 Maý 2022
172

Aş­ga­bat — Gök­de­pe et­ra­by, 20nji maý (TDH). Şu gün Gök­de­pe met­ji­din­de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum döw­let Baş­tu­ta­ny Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň bel­li gü­nü­niň sa­da­ka­sy be­ril­di.

Ýur­du­my­zyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ir bi­len Kö­şi­dä­ki met­ji­de gel­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­nyň, din we­kil­le­ri­niň ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de we asyr­lar aşyp gel­ýän dün­ýä nus­ga­lyk däpdes­sur­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek­de uly iş­le­ri bi­tir­ýän­dik­le­ri­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Şeý­lede Ar­ka­da­gy­myz her we­la­ýa­tyň bir et­ra­byn­da met­jit gur­mak bo­ýun­ça edil­ýän iş­ler bi­len gy­zyk­lan­dy.