Milli oýunlaryň ähmiýeti

21 Maý 2022
106

Gadymy hem şöhratly taryhy bolan türkmen halky milli ruhy gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp, has-da kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan milli oýunlar hem baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olar häzirki döwürde hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üns-aladasy netijesinde has-da baýlaşdyrylyp, täze röwüşde ösdürilýär.

Eýsem, çagalyk ýyllaryny milli oýunlarsyz göz öňüne getirip bolarmy? Bu ritorik sowalyň jogaby özünde: çagalyk bilen milli oýunlar bir bitewi sazlaşyk, bir bitewi düşünje, žurnalistikada diýseň ýörgünli ulanylyşy ýaly, halynyň erşi hem argajy mysaly. Çaga dünýäsi üçin-ä oýun diýmek göni manysynda bolup, ol diňe höwesiňe görä güýmenje, wagtyňy gyzykly geçirmek, deň-duşlaryňdan hiç bir babatda asgyn däldigiňi subut etmäge dyrjaşmak, ýeňiş şatlygyny başdan geçirmek üçin bolanja başarnygyňy-ukybyňy orta goýmak diýen ýaly bir zat. Ene-atalar üçin bolsa onuň çägi hem çygry has giň, ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki milli oýunlar çagany uly durmuşa taýýarlamakda, sagdyn, ukyp-başarnykly, watansöýüji perzentleri ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada mekdep ýyllarymyzda ürç edip oýnan, ýörite düzgünlerini öwrenen milli oýunlarymyzyň birgidenini özünde jemlän «Geliň, dostlar oýnalyň!» atly kitapda hem aýratyn bellenilip geçilýär. Taryh ylmynda uly iş bitiren alymlar Ata Jykyýew bilen Öwez Gündogdyýewiň bilelikde taýýarlan bu çaklaňja kitabynda agzalýan oýunlaryň örüsi dura-bara has-da giňeldilip, häzir ol özboluşly ensiklopediýa görnüşine getirildi.

Döwlet HEŞDEKOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.