Çopantelpek

21 Maý 2022
169

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem ol dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda-da iň köp ulanylýanlarynyň biridir. Çopantelpegi gülläp başlanda, köküni alman ýygmak maslahat berilýär.

Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda giňden ulanylýar. Bu dermanlyk ot rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi ýaşly çagalar hem-de uzak wagtlap dartgynly emosional ýagdaýda bolýan näsaglar üçin has-da peýdalydyr. Ol iň howpsuz dermanlyk ösümlikleriň biridir. Tebipçilikde bu ösümlik agyrysyzlandyryjy, köşeşdiriji, damar giňeldiji serişde hökmünde giňden ulanylýar. Şeýle hem ol sowuklamada, guragyryda, bogunlaryň çişmesinde haýyr edýär. Bu täsin ösümligi içege kesellerini bejermekde, gyzzyrmada, basykda (angina), dümewde çaý görnüşinde belli bir mukdarda içmek maslahat berilýär.