Mergenlik mekdebi

20 Maý 2022
69

Ýakynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy bilen bilelikde ýaý atmak boýunça dürli ýaşdaky türgenleriň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň birinjiligini geçirdi.

Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýöriteleşdirilen zallarynda ýaýbaňlandyrylan bu bäsleşikde türgenleriň jemi 70-si ýaş derejeleriniň 5-si boýunça bäsleşdiler. Ýaryşa iň kiçi ýaşly mergenleriň bäsleşigi bilen badalga berlip, onda 2009-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlar 18 metr aralyga nusgawy ýaýdan ok atmak boýunça bäsleşdiler. Netijede oglanlardan Döwletgeldi Erejepow, Omar Myradow, Alymuhammet Dosow, gyzlardan Enaýy Reimowa, Ýasmin Rizaýewa hem-de Aýgül Ezizowa dagy öz deň-duşlaryndan saýlanmagy başardy.

Rejepmuhammet ORAZMUHAMMEDOW,
«Türkmen sporty».