Gyzykly bäsleşikler

20 Maý 2022
60

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda sambo boýunça 2005-2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. «Gökje» sport desgasynda guralan ýaryşda 9 agram derejesi boýunça 50-den gowrak türgen bäsleşdi.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.