Wagyz-nesihat maslahaty

20 Maý 2022
69

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny berkarar etmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda wagyz-nesihat duşuşyklary diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Golaýda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebi, Sport mekdebi hem-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumy bilen bilelikde geçiren wagyz-nesihat çäresi hem täsirli çykyşlara diýseň baý boldy.

Ministrligiň garamagyndaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, «Köpetdag» sport toplumynyň wekillerinden başga-da, bu ýerde Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň 3-nji bölümçesiniň wekili M.Orusowyň, 4-nji bölüminiň wekili, polisiýanyň kapitany K.Agaýewiň, TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni M.Nuryýewiň çykyşlary diňlenildi.

Hallygözel GELDIMYRADOWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň iş ýöredijisi.