Ussatlyga barýan ýolda

20 Maý 2022
72

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hereket edýän sport görnüşleriň biri-de boks görnüşidir. Bu günki gün Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, sport ussady Dawutguly Geldiýewiň we Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Aliasker Başirowyň ýolbaşçylygynda boks boýunça türgenleşikler yzygiderli alnyp barylýar.

– Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebimiziň boks bölüminiň geçen ýyllardaky uçurymlarynyň arasynda hem ýurdumyzyň sport abraýyny halkara ýaryşlarynda gorap çykyş edenleri az däl. Olardan bu günki gün, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Öwez Şükürow, Serdar Amangeldiýew, Mustafa Çaryýew, Öwez Ataýew, bulardan başga-da, Amanmyrat Baýgeldiýew, Allanur Oraznepesow ýaly boks ussatlarynyň atlaryny agzap geçmek bolar. Olar bilen geçirilýän duşuşyklar ýaş olimpiýaçy boksçularda uly täsir galdyrýar. Toparymyzyň türgenleriniň arasynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň ýeňişli ýoluny dowam etdirýän zehinlere uly ynam bildirilýär. Olardan ýurt derejesinde geçirilen ýaryşlarda ýeňiji bolan boksçular Mustapa Muhammetdurdyýew, Medet Guljaýew, Rüstem Geldimämmedow dagy gelejekde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okuwlaryny dowam etdirip, halkara ýaryşlarynda öz tejribelerini artdyrmagy maksat edinýärler – diýip, tälimçi mugallym Dawutguly Geldiýew gürrüň berýär.

Hakberdi ORAZOW,
TDBSI-niň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.