Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby rus dilinde neşir edildi

20 Maý 2022
774

Aşgabat, 17-nji maý. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol Arkadagymyza goýulýan uly hormatyň hem-de köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dabara Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çapdan çykan nobatdaky eseri ildeşlerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki 30 ýyl üçin öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ruhy gollanma boldy.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar