Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy

19 Maý 2022
832

Aşgabat, 18-nji maý. Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar