Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — ýurt Garaşsyzlygynyň mukaddes nyşanlary

19 Maý 2022
556

Aşgabat, 18-nji maý. Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.

Şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk senesi bellenilýär. Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar