Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

17 Maý 2022
698

Aşgabat, 16-njy maý. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň öndürijilikli işledilmegi bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanylýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar