Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi

14 Maý 2022
1057

Aşgabat, 13-nji maý. Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Onuň ýakynda “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde Aşgabatda geçirilen Parlamentara forumyň yzysüre guralmagy häzirki köptaraplaýyn duşuşyga aýratyn ähmiýet berýär.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar