Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi

13 Maý 2022
921

Aşgabat, 12-nji maý. Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

www.tdh.gov.tm