Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi

26 Fewral 2022
860

Aşgabat, 25-nji fewral. Şu gün paýtagtymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi.

Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, bu hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri geçen ýyllarda toplan oňyn tejribesi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistleriň, alymlaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugallymlarynyň ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasy mowzuklary boldy.

www.tdh.gov.tm