Täze neşirler — daşary syýasat ugrumyzyň ykrary

24 Ýanwar 2022
179

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyz agzybirlik bilen 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna gadam basdy. Bu ýylymyz adyndan belli bolşy ýaly, ilkinji günlerinden döwlet Baştutanymyzyň halkymyz hakynda edýän aladalarynyň mynasyp beýany bolan wakalara beslenýär. Ýakynda «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi hem hormatly Prezidentimiziň bu oňyn döwlet syýasatyny ýene bir ýola dabaralandyrdy. Kitaplarda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlan we üstünlikli durmuşa geçirýän netijeli daşary syýasat ugry aýdyň beýan edilýär.

21-nji ýanwarda bu ajaýyp waka — «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli paýtagtymyzda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ylym-bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarydyr mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Watan».