Köňülleriň goşa tary

24 Ýanwar 2022
171

Ata Watanymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinden beýik işler biri-birine utgaşyp gelýär. Ajaýyp täzelikler, buýsançly wakalar biziň güýjümize güýç goşup, göwünlerimizi joşdurýar.

Bagta beslenen gül Diýarymyzda uly şatlyk-şowhun bilen garşylanan täze ýylyň ilkinji pursatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyny halkymyza ýetirmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýatda galyjy pursatlarynyň ilkinjisi boldy. Dogduk depä, eziz ülkä buýsanç bilen başlanýan goşgy setirleri kalbyňda jan Watanymyza bolan beýik söýgini oýarýar.

Orazbibi BALLYÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň esasy kitaphanaçysy.