Buýsançnama

24 Ýanwar 2022
216

Pederleriň hasyl boldy isläni,
«Halkyň Arkadagly zamanasy» — bu.
Pyragyň arzuwy — köňül dessany,
«Halkyň Arkadagly zamanasy» — bu.

Topragymdan önýär naz-u-nygmatym,
Äleme nur saçýar haly sungatym,
Döwre, ömre depgin ol bedew atym,
«Halkyň Arkadagly zamanasy» — bu.

Ogulnyýaz ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.