Keremlidir, keramatdyr jan Watanymyz Türkmenistan!

24 Ýanwar 2022
191

Hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly çuň mazmuna eýlenen, pelsepewi pikirlere baý şygryny okanyňdan soň, ondaky setirler merdemsi ata-babalarymyzyň, paýhasly pederlerimiziň ruhy siňen şygary dek aňyňda galýar. Onuň her setiri şu Watanyň neslidigiňe bolan buýsanjyňy artdyrýar.

Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işlere ýürekden buýsanýarsyň. Bagtyýarlyga beslenen zamanada ildeşlerimiziň her birine bu beýik ösüşlere, uly özgerişlere dahylly bolup ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi tüýs ýürekden arzuw edýärsiň.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».