Halk, Watan bir jan bu gün

24 Ýanwar 2022
242

Günleri gülşen, Watan, degre-daşyň toý munda,
Aýdym-sazlar joş ursun, goý, elmydam goýnuňda,
Göwünler heýjan tapýar seýranyňda, seýliňde,
Halk, Watan bir jan bu gün Arkadagly zamanda.

Arkadag yhlasyndan gurulan jennet mekan,
Polat ýol, gara ýollar uzaýar çar ýan bakan,
Ýaňlanýar şat gülküler misli bir ajap mukam,
Halk, Watan bir jan bu gün Arkadagly zamanda.

Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.