Ýurdumyzda ynsan saglygy iň ýokary baýlyk hasaplanýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksatdan ugur alnyp, ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Medeniýet öýünde ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň etrap prokuraturasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu duşugyň esasy maksady jemgyýetçilik saglygyny berkitmekden, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakdan ybarat boldy.
Maslahatda çykyş edenler keselleriň öňüni almakda arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň, pasyllara görä geýinmegiň, sagdyn iýmitlenmegiň, agyz-burun örtüklerini dogry ulanmagyň, köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamagyň örän möhümdigi barada bellediler. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, düýpli bejermek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýändigi hem-de ýurdumyzyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.