Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: täzelikler, habarlar, wakalar

24 Ýanwar 2022
243

Wagyz-nesihat duşuşygy

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň, parahatçylygyň we ösüşiň dabaralanmasy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrapdaky dürli edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.