Döwrebap bilim — derwaýys mesele

24 Ýanwar 2022
326

Häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlary ylym-bilimli, kämil derejede terbiýeläp ýetişdirmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýaş nesilleriň ösen aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmekleri üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagyna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek öňde goýlan baş wezipeleriň biridir. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ylymly-bilimli, gujurly-gaýratly, ussat we ugurtapyjy ýaşlary ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Çünki olar geljekki ösüşlerimiziň, ata Watanymyzyň ýagty ertirleriniň binýadyny goýjak şahsyýetler bolup ýetişmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-tehniki ösüş nukdaýnazaryndan çalt depginler bilen özgerýän häzirki dünýäniň täzeliklerine uýgunlaşyp, ylmyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmek arkaly döwür bilen aýakdaş gitjek bilimli ýaşlary kemala getirmek döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda durýar. Bu bolsa her bir ýurduň geljegi bolan ýaşlar babatynda alnyp barylýan döwlet syýasaty we onuň ylym-bilim ulgamy bilen aýrylmaz berk baglanyşyklydyr.

Aýgözel MUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.