Yşkym, ykbalym — Watan!

24 Ýanwar 2022
138

Maşgalada ogul bäbegiň dünýä inen gününden onuň Watan ogly bolmagyny, ile gerekli il ogly bolmagyny arzuw edýärler. Islendik maşgalada hem erkek oglanjygyň aňy Watana gulluk etmegiň parzdygy, Watanyň mukaddesligi, onuň hyzmatynda bolup, ata-eneňi göreldeli gullugyň bilen begendirmelidigi hakyndaky gürrüňler bilen çagalygyndan gandyrylýar.

Ata Watana, ene topraga bolan söýgi ýönekeý ynsanlara-da uly güýç-gaýrat, gujur berip, olary edermenliklere ündeýär. Halkymyzyň gahrymançylykly taryhyndan söhbet açýan Syrak hakyndaky rowaýaty ýada salalyň. Syrak — ýönekeý bir çopan. Onuň hiç hili gural-ýaragy ýok. Diňe Watanyna bolan çäksiz söýgüsi bar. Ynha, şu beýik duýgy ony iň güýçli duşmana garşy ýekelikde göreşe çykmaga çagyrýar. Ol özüniň duşmanyň elinde heläk boljagyny öňünden bilse-de, munuň iň beýik maksat — Watanyň erkinligi ugrundaky pidadygyna gowy düşünýär we hiç zatdan gorkmaýar. Şeýdibem, ol gahrymançylygy arkaly hiç haçan zulum we basybalyjylyk bilen tutuş bir halky ýeňip bolmajakdygyny, onuň mert perzentleriniň muňa asla ýol bermejekdigini subut edýär.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Nesil».