Merdanalygyň ykrary

24 Ýanwar 2022
164

Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romany türkmen durmuşynyň, ruhy dünýäsiniň köp taraplaryny öz içine alýar. Bu ajaýyp eser taryh bilen hem berk baglanyşyklydyr. Onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän düşünjeleriň biri bolsa, türkmen halkynyň watançylyk ruhudyr. Türkmen taryhynyň haýsy bir döwrüni alanyňda-da, watançylyk baş temalaryň biri bolup durýar.

Gökdepe söweşinde görkezen batyrlygy hem-de edermenligi üçin Anna serdar adyny alan Anna Gök baý oglunyň maşgalasyndaky şatlykly waka bilen romanyň başlanmagy watançylyk babatda uly mana eýedir. Munuň özi her bir okyjyda türkmen ruhunyň watançylyk bilen başlanýandygy baradaky ýakymly duýgyny oýarýar hem-de ony ösdürýär.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.