Dürler içre däne gözlän («Heňňam hekaýatlary» toplumyndan)

24 Ýanwar 2022
153

Ortamiýandan tegelek ýüzli, hemişe ýylgyrypjyk ýören gyzyň mekdepde juda bilimsekliginden başga-da, örän geň gylygy bardy. Synpdaşlarynyň gözüne-hä şeýledi. Bilmäge, öwrenmäge hiç ýaltanmaýan Annatäç gazetdemi ýa žurnalda bir täze maglumat, del sözlem, gulagyna degmedik nakylmy, tymsal, pähimmi, ylmy täzelik... görse, derrew gyrkyp alypjyk, ýörite tutan albomyna ýelmeýärdi. Şeýde-şeýde ol albomlar gyz orta mekdebi tamamlanda galňamakdan başga-da, üç-dört sany boldy duruberdi. Dogry hem eden ekeni. Gökdepe etrabynda ýönekeý maşgalada önüp-ösen gyz mekdebi zybrym bäşlige gutaranam bolsa, okuwy däl-de, zähmeti saýlady. Şeýdibem ilki ol şol döwürde atlandyrylyşy ýaly, Bakjaçylyk boýunça respublikan önümçilik-synag stansiýasynda işçi bolup zähmet ýoluna başlanam bolsa, uzak wagt geçmänkä, «Beh, bujagaz gyz ylym üçin çyr-çytyr-la» diýip, Gerbisidleri we ösümlikleri goramak barlaghanasyna laborant edip geçirdiler. Belki, şondandyr, Annatäjiň gülleridir baglary özgelerden artyk söýýäni. Onuň Gerbariden döreden albomam galňady gitdi.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.