Tennisçi doganlar (Siziň deň-duşuňyz)

24 Ýanwar 2022
252

Baýramhan çagalykdan ussat tennisçi bolup, ýaryşlarda ýeňiji bolmagy arzuw edýärdi. Ol şeýdip sportuň tennis görnüşini saýlaýar we oňa höwes bilen ýapyşýar. Bu çagalyk arzuwy ony 2015-nji ýylda Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaşlara tälim berýän ussat tälimçi Hemra Gulnazarowyň toparyna getirýär. Ýaş türgen eýýäm gelen gününden başlap mekdebiň tälimçisiniň iň yhlasly şägirtleriniň hataryna goşulýar. Ol tälimçisiniň gündelik geçirýän türgenleşikleriniň netijesinde kem-kemden ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Etrap, şäher we welaýat derejesinde geçirilen bäsleşiklerde birnäçe gezek ýeňiş gazanýar.

Agasynyň gazanýan üstünlikleri Mähriniň hem sportuň bu görnüşine bolan höwesini artdyrýar. Şeýdibem, ony bu ýola ugrukdyrýar. Doganlar öýde-de türgenleşmegi dowam etdirip, tejribelerini artdyrýarlar. Baýramhanyň jigisi Mähri hem birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, ýeňiji bolmagy başarýar.

Maral AKMYRADOWA, «Nesil».
Surata düşüren Merdan ORAZOW.