Balyk iýmegiň peýdasy

24 Ýanwar 2022
169

Balyk ýokumly iýmitdir. Ol düzüminde A, D, E witaminleri, kalsiý, ýod, demir, magniý, fosfor, mis, sink ýaly maddalary saklaýar. Şeýle-de onuň düzüminde ýokary hilli belok bardyr. Ol bedende gowy özleşýär. Belok öz düzüminde adam bedeni üçin möhüm bolan, çalşyp bolmajak aminoturşulary we doýgun däl ýag turşulary saklaýar. Olar bolsa süýjüli diabetiň we semizligiň öňüni alýar.

Şeýlelikde, balyk iýmek bedeni ýokary hilli belok bilen üpjün etmekde, gan lagtalanmany kadalaşdyrmakda, ganda holesteriniň mukdaryny azaltmakda peýdalydyr. Şonuň ýaly-da, bedende galkan görnüşli mäziň işini sazlamak we öňüni almak babatda hem tapylgysyz iýmitdir.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.