Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

21 Ýanwar 2022
870

Aşgabat, 20-nji ýanwar. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar