Aşgabat, 19-njy ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.
Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Munuň özi dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we gurluşyk işlerinde nazara alynmaly esasy şertleriň biridir.