Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

11 Ýanwar 2022
1349

Aşgabat, 10-njy ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmak boýunça meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, güýzlük ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar