Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

7 Ýanwar 2022
808

Aşgabat, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Rasseliň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de gaznanyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar