Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

27 Noýabr 2021
250

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýolbaşçylary Watan goragçylarynyň hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralar hem-de medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdiler. Şeýle-de goşun bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga we Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş edaralarda görülýän çäreler barada hasabatlar berildi.