Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

27 Noýabr 2021
275

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi.