Türkmenistan işewür toparlaryň sebit hyzmatdaşlygyny giňeldýär

27 Noýabr 2021
284

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, şu gün YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.