Arkadagly zamanada iller bagtyýar

27 Noýabr 2021
274

Üçünji müňýyllykda täze taryhy eýýamyň «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylan ajaýyp döwrüni esaslandyryjy, zamanabap özgertmeleriň ruhlandyryjysy, dünýäde ykrar edilen milli Liderimiz — Gahryman Arkadagymyz halkymyzy baky bagta, döwletli döwrana ýetirdi. Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz hak Howandarynyň — Gahryman Arkadagynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Munuň özi zamanamyzyň beýik Gahrymany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watana bolan egsilmez söýgüsiniň, ony gülledip ösdürmek babatdaky tükeniksiz yhlas-aladalarynyň ajaýyp miwesidir.

Halkymyzda durmuşyň abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygy «Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada» diýen jümlede beýan edilýär. Şu babatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň, halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, üçem sazlaşygyň ýyly — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň uly dabaralary bilen gelen, şeýle-de türkmen Lideriniň, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça tutuş dünýäde hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl, turuwbaşdan, taryhy wakalara beslendi. Bu ýylda agzybir türkmen halky milli we halkara derejede-de ýylyň şygaryna mahsus ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä halklaryna parahatçylygy we ynanyşmagy döretmegiň, gorap saklamagyň beýik göreldesini görkezýär.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».