Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi

26 Noýabr 2021
257

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garamak, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat geçirmek kararyna gelendigini aýtdy. Biziň alyp barýan energetika syýasatymyz netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz, şol sanda gaz pudagy hem yzygiderli ösýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan ýurdumyzda täze-täze gaz ýataklary açylyp, ulanmaga berilýär. Tebigy gazy gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzir pudagyň işini has netijeli guramak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini we iberilýän ugurlaryny artdyrmak, ykdysadyýeti gowulandyrmak üçin öňde wajyp wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” esasynda degişli işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bellenen çäreleri durmuşa geçirmekde ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan işleriň üstünlikli berjaý edilmelidigi nygtaldy.

«Balkan».