Zähmet — ähli şertleriň sakasy

26 Noýabr 2021
253

Adam bilen zähmet. Dünýä biri--birinden üzňelikde göz öňüne getirmek asla mümkin bolmadyk şu ikisi arkaly öňe, ösüşlere barýar.

Gadymy türkmen topragynda asyrlaryň dowamynda zähmet gaýnap joşupdyr. Bu ýere aýagy düşen taryhçylar, syýahatçylar biziň topragymyzyň sahawatlylygyna haýran galypdyrlar. Mysal üçin, kerwene dakylyşyp, Uzboýuň ugry bilen günbatardan gündogara — tä Ürgenje çenli ýol geçen gaýry ýurtly taryhçy: «Bu toprak şeýle bir bereketli welin, agaç dürtseň-de, gögerjek» diýip ýazypdyr.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».