Wagyz-nesihat duşuşygy

26 Noýabr 2021
237

TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň etrabyň maliýe, salgyt we bank ulgamlarynyň işgärleri bilen bilelikde guramagynda geçiren wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagyň, işde, durmuşda, maşgalada arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da belende götermek, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Arazgeldi GURBANÝAZOW,
«Balkan».